- möwç
- Möwç almak, möwjemek, hyjuwlanmak, güýçlenmek, joşmak.∙ Nirede zulum güýçli bolsa onyň garşysyna bolan gozgalaň-da has beter möwç almaga başlaýar. («Tokmak» žurnaly)∙ Elliniň göriplik damarlary tyrsyldaşyp başlady we onyň ýüregyndäki içigaraçylyk ody dowlan möwç urdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, dymyk ç çekimsizi açyk j çekimsizine öwrülýär.Meselem möwç - möwjüm, möwjüň.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.